Elizabet Rud ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi

Elizabet Rud ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi

Prezident Jo Baýden ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi edip Elizabet Rudy belledi.Bu barada Ak Tamyň resmi saýtynda habar berilýär diýip türkmen hökümetine ýakyn neşir ýazýar.

Eger Senat E.Rudy tassyklasa,onda ol BŞ-yň Türkmenistanda bähbitlerini gorar.

Elizabet Rud ýokary derejeli diplomat kadry bolup, ministriň maslahatçysy derejesine eýe. Ol 2022-nji ýylyň iýunynda ABŞ-nyň Russiýadaky ilçihanasynyň diplomatiýa wekilýetiniň başlygynyň orunbasary bellendi.

Elizabet Rud Keri şäherinde (Karolina ştatynda) doguldy.Ol Merilend uniwersitetiniň (Park kollejiniň) magistr derejesine, Rendolf-Meýkon zenanlar kollejiniň (Wirjiniýa ştaty) bakalawr derejesine eýe we rus, fransuz, nemes, puştu, dari hem gürji dillerini bilýär.

2019-njy ýyldan bäri BŞ-iň Türkmenistandaky missiýasyna Metýu Stiwen Klimou ýolbaşçylyk edýär.

ABŞ-lary 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistan bilen diplomatiýa gatnaşyklaryny ýola goýupdy diýip neşir ýazýar.The post Elizabet Rud ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtdaky işiniň tamamlanmagy mynasybetli metbugat maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisini kabul etdi
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany