Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär görkezildi

Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär görkezildi

Prezident Jozef Baýden ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine Elizabet Rudy hödürledi. Ak tamyň resmi saýtyndaky habara görä, Senat tarapyndan tassyklanan halatynda Elizabet Rude ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolar.

Elizabet Rud häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatik gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işleýär. Ilçiniň geňeşçisi diplomatik derejesi bolan Elizabet Rud mundan ozal, ABŞ-nyň Goşunlaryna degişli harby kollejde fakultet maslahatçysy, ABŞ-nyň Gruziýadaky ilçisiniň orunbasary, wagtlaýyn ynanylan wekili wezipelerinde işledi.

Elizabet Rud ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Keri şäherinde doglup, Merilend uniwersitetinde magistrlik bilimini aldy. Ol rus, fransuz, nemes, puştu, dari we gruzin dillerini bilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Häzirki ilçi Mettýu Klimow ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy wezipesine 2019-njy ýylyň iýunynda bellenipdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky baş ilçisiniň wezipesine Elizabet Rud hödürlendi
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemekçi
Elizabet Rud ABŞ-niň Türkmenistandaky täze ilçisi bellendi
Baýden ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgäri yglan etdi
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy