Emeli aň tehnologiýaly harytlar üçin täze düzgün giriziler

Ýewropa Bileleşigi emeli aň tehnologiýaly programmalar hem-de harytlar üçin täze kadalaşdyryjy kanunlary taýýarlaýar.Täze düzgüne görä, şeýle önümleri öndürýän kompaniýalaryň jogapkärçilikleri kesgitlener. Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasy ýokary tehnologiýa talap edýän uçýan howa ulaglary we öý hojalygynda ulanylýan “akylly” enjamlar ýaly önümler üçin täze ülňüleri kesgitlär. Şeýlelikde, önüm öndürijiler öndüren harydy sebäpli haýsydyr bir ýitgi çeken müşderisine öwez tölegini tölemeli bolar.

Robotlar, dronlar ýa-da beýleki “akylly” enjamlar bu düzgünnamanyň çägine girer.Import edilen önümlerden bolsa, şol önümiň sebitdäki importçysy ýa-da wekilçilikli şahamçasy jogapkär bolar.

Täze düzgüniň güýje girmegi üçin Ýewropa Parlamentiniň hem-de agza ýurtlaryň razylygy gerek.

Ýewropa Bileleşigi önüm öndürijileriň harytlary üçin jogapkärçiligi baradaky düzgünleri 40 ýyl ozal taýýarlapdy. Bu düzgünler täze tehnologiýalaryň käbir ugurlaryny öz içine almaýardy.

Nursoltan Myradowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy

Ýene degişli makalalar

Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Emeli aňly robot stadionda futbola tomaşa etdi
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär
Tohum ekýän robotlar ulanylýar