Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler

Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler

Germaniýadaky Lýudwig Maksimilianyň uniwersitetiniň Assiriologiýa institutynyň dilçileri gadymy Wawilon ýazgylaryny okamak üçin emeli aňly bot işläp düzdüler. Ulgama Fragmentarium diýip at berildi diýip, Arkeonews neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

2018-nji ýyldan bäri alymlar topary 22 müň ýazgy böleklerini derňediler. Olar munuň üçin Yrak we Britan muzeýleri bilen hyzmatdaşlyk etdiler. Emma uly möçberdäki ýazgylary elde işlemek köp wagty aldy, galyberse-de, ýazgyly tagtajyklaryň köpüsi ýaramaz okalýar ýa-da aýratyn böleklere dargandyr. Bu bolsa ýazylanlary okamakda kynçylyk döretdi.

Täze kompýuter programmasy aýratyn bölekleri özbaşdak deňeşdirmäge ukyplydyr. Ol eýýäm ýüzlerçe täze golýazmalary ýüze çykardy. Şeýle-de dünýäde ilkinji edebi eser hasaplanýan Gilgameş hakynda epos ýazylan tagtajyklaryň parçalaryny birleşdirmegi başardy.

Bu Mesopotamiýa eposy biziň eýýamymyzdan öňki 130-njy ýylda akkad dilinde ýazylandyr. Eserde Uruk mesopotam şäher-döwletiniň hökümdary Gilgameş barada gürrüň berilýär. Alymlara indi onuň has irki ýazgysyny tapmak başartdy, bu adamlaryň uzak wagtyň dowamynda Gilgameş barada hekaýaty göçürip gelendigini subut etdi.

Üstüni açýan täze ýazgylarymyz bize Wawilonyň edebiýatyna we medeniýetine dolulygyna düşünmäge kömek edýär diýip, taslamanyň awtorlarynyň biri Enrike Himenes gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Näme üçin bir sagat ýüz däl-de, altmyş minut. Şeýle hem bir gün näme üçin 24 sagat?
20.09.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
Altyndepe ösen senetçiligiň we ybadathanalaryň merkezidir