Emeli intellekte bagyşlanan maslahat geçiriler

Şu ýylyň 13-15-nji sentýabrynda Saud Arabystanynda Adamzadyň gowulygy üçin emeli intellekt atly halkara maslahat geçiriler. Ýurduň maglumat we emeli aň geňeşi tarapyndan guralýan forum ikinji gezek geçirilýär.

Er-Riýadda geçiriljek maslahata dünýäniň dürli ýerlerinden bu ugurda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşar.Maglumat we emeli aň geňeşiniň başlygy Abdullah bin Şeref al-Gamidi forumda emeli intellektiň akylly şäherler, saglygy goraýyş merkezleri, gatnaw, energiýa, medeniýet, daşky gurşaw we ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlara täsiri barada pikir alşyljakdygyny belledi.Maslahatda dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýüzden gowrak gatnaşyjy çykyş eder.

Bilermenler bar bolan kynçylyklary çözmegiň ýollary we emeli aň usullarynyň ulanylyşynyň ýokary derejä çykarylmagy barada hem maslahatlaşarlar.Bu meselä bagyşlanan ilkinji halkara maslahat 2020-nji ýylyň oktýabrynda geçirilipdi.

Onlaýn usulda geçirilen şol maslahatda iki ýüzden gowrak bilermen çykyş edipdi.

Ýene degişli makalalar

Er-Riýadda COP16 açyldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystanynyň sergisi açyldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Gurbanguly Berdimuhmedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy