Emeri meşhur tälimçilerden öňe saýlandy

“Arsenaly” öz meýdançasynda 2-1 ýeňip, jogap oýnunda golsuz oýnan “Wilýarreal” topary taryhynda ilkinji gezek UEFA Ýewropa ligasynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.Bu olaryň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky ilkinji finaly bolar. Ýöne toparyň tälimçisi Unaý Emeri 5-nji gezek Ýewropa ligasynyň finalynda çykyş eder.

Ol 3 gezek “Sewilýa”, 1 saparam “Arsenaly” finala çykarypdy. 2019-njy ýylda özüni tälimçilikden ugradan toparyny, ýagny “Arsenaly” ýaryşdan çykaran Unaý Emeri UEFA-nyň bäsleşiklerinde 5-nji gezek finala çykan ilkinji tälimçi bolup, ol bu ugurda Ser Aleks Fergusondan, Karlo Ançelottiden, Marçelo Lippiden hem-de Miguel Munýozdan öňe saýlandy.

Ady agzalan bu tälimçiler UEFA-nyň birinji derejeli bäsleşiginde (Çempionlar ligasy) tälim beren toparlaryny 4 gezek finala çykarypdy. 49 ýaşyndaky tälimçi 2014-2015-2016-njy ýyllarda yzly-yzyna “Sewilýa” bilen Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Emeli aň ulgamynda Afrika dilleri
Emeli aň täze döwrüň gapysyny açýar
Emeli aň tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylar
Mask: emeli aň has “akylly” bolar
Dünýäde ilkinji howpsuz emeli aň hakyndaky kanun güýje girdi