Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Halkara Nowruz gününiň ýetip gelmegi mynasybetli Sizi we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň dostlukly halkyny uly şatlyk bilen gutlaýaryn. Ata-babalarymyzyň bu gadymy baýramy mynasybetli meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Iň ajaýyp baýramlaryň biri bolan nurana Nowruzyň gadymy däp-dessurlary we baý ruhy ýörelgeleri müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň durmuş ýoluny nurlandyrýar, ynsan dünýäsini has-da gözelleşdirýär.Täze ýaşaýşyň başlanmagyny, tebigatyň janlanmagyny, hoşniýetli arzuwlaryň dabaralanmagyny, özara sabyrlylygy, düşünişmegi alamatlandyrýan bu bahar baýramynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hem-de müdimi taglymlarynyň geljekde-de bizi galkynyşyň we döredijiligiň, parahatçylygyň, asudalygyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýoly bilen öňe alyp gitjekdigine umyt edýärin.

Rysgal-bereketli Nowruzyň asylly ýörelgeleri esasynda bilelikdäki tagallalarymyz bilen ýurtlarymyzyň köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňeldiljekdigine, geljekde-de strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin!.

Ýene degişli makalalar

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI W.PUTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY M.MIŞUSTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA ORAZA BAÝRAMY WE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary