Eneligi we çagalygy goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Eneligi we çagalygy goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň esasy mowzuklarynyň arasynda Halkara zenanlar gününi bellemek we köp çagaly maşgalalara maddy goldaw bermek çäreleri baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak baradaky Permana gol çekdi. 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaraly çäreler geçiriler, şol ýerde-de mynasyp enelere täze öýleriň açarlary gowşurylar.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini aýratyn nygtady.

Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Türkmenistanda eneligi we çagalygy goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Köp çagaly eneleriň her ýyl dabaraly gutlanmagy we olaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy jemgyýetiň zenanlara çuňňur hormat goýýandygyny görkezýän asylly däpdir.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde ilkinji howpsuz emeli aň hakyndaky kanun güýje girdi
BMG tarapyndan taýarlanan habarnama halkara galplyk ulgamynda gynamalaryň köpelýändigini görkezýär
Emeli aň terapiýasy
“Emeli Aň Arkaly Edilen Ilkinji Genosid”
Bank ulgamyndaky korrupsiýa 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç adamlary 'özüne çekýär'
TÜRKMEN TALYPLARY LOMONOSOW2026 HALKARA FORUMYNDA EMELI AŇ TASLAMALARYNY HÖDÜRLEDILER