Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine halkara güwänamalaryň bäşisi gowşuryldy

Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine halkara güwänamalaryň bäşisi gowşuryldy

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi halkara güwänamalaryň bäşisine mynasyp boldy.

Watan habarlar gepleşiginde bellenilşi ýaly, dabarada General Electric Gas Power Europe başlygynyň orunbasary täze önümçilik toplumyna merkezde abatlaýyş we hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirmek boýunça ABŞ-nyň General Electric kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat edilýändigi barada güwänama gowşurdy.

Soňra Beýik Britaniýanyň The London Energy Club kompaniýasynyň ABŞ-daky wekili Hubert Wilson Watson Merkezi Aziýada desga şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky The London Energy Club kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň professory Harald Apel ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda bu institutyň adyndan merkeze durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Soňra Güwänamalaşdyrmak hem-de baha bermek boýunça halkara gurama — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň TUV kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň energiýa boýunça müdiri Anton Lepikson, TUV Austria kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänamasyny gowşurdy.

Soňra dabarada Duisburg-Essen uniwersitetiniň (GFR) professory Bernd Reinhold Rosin çykyş edip, döwlet Baştutanyna dabara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan bu uniwersitetiň Aşgabatda açylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamany gowşurmak çözgüdine gelendigini habar berdi.

Üç gektar meýdanda ýerleşýän bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkiýäniň Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş. kompaniýasy amala aşyrdy. Onuň gurluşygyna ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY DESGANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Täze Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine 5 sany halkara güwänama berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanda Energetika enjamlaryny abatlaýyş merkezi açyldy
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Nobeliň ykdysadyýet baýragynyň eýeleri mälim edildi