Erdogan Ankarada Ofiser we unter-ofiser talyplaryň gutardyş dabarasyna gatnaşdy

Erdogan Ankarada Ofiser we unter-ofiser talyplaryň gutardyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ankarada Ofiser we unter-ofiser talyplaryň gutardyş dabarasyna gatnaşyp, ol ýerde söz sözledi.

Terrora garşy göreşde oňyn netijeleriň alynýandygyny aýdan Prezident Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-nyň jemlenen ýeri bolan Yragyň Kandil sebitindäki baronlaryna we Siriýadaky ýolbaşçylaryna demlerini dürsemäge pursat bermeýändiklerini mälim etdi.

Ýalan we propoganda bilen aldanyp, daga alynyp gidilýän ýaşlaryň sanynyň günsaýyn azalýandygyny aýdan Erdogan, terror guramasynyň düzümine goşulýanlaryň sanynyň taryhyň iň pes derejesine çenli ýetendigini beýan etdi.

PKK-nyň hataryndan gaçýanlaryň sanynyň artýandygyny, şolaryň sanynyň öňümizdäki günlerde has hem artjakdygyna ynanýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiye ahyrynda terror belasyndan azat bolar.DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen berilýän ýük ulaglar doldurylan ýaraglar we goldaýanlaryndan alýan kömekleri terrorçylara garaşýan gussaly ykbalyň öňüni alyp bilmezler.

Bu ýerde ýene-de bir gezek ýurdumyzyň we sebitimiziň gelejeginde hiç bir terror guramasynyň bolmajakdygyny nygtap geçmek isleýärin.Terrorçylar ýa türk adalatyna boýun bolarlar ýa-da döwletiň demir ýumrugy bilen ýüzbe-ýüz bolarlar, olardan daşary olaryň öňünde hiç hili ýol ýokdur" diýip belledi.

Siriýanyň demirgazygynda gurulýan ýaşaýyş zolaklaryň gurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Şol ýaşaýyş jaýlaryň tamamlanmagy bilen takmynan 1 million doganymyz asuda ýürek bilen watanlaryna gaýdyp baryp bilerler" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Prezidentiň portretiniň öňünde tans eden bir işgär tussag edildi, başga-da 15 sanysy işden kowuldy
Hindi gümrükçisi ýanyndan altyn çykan türkmen zenanyny iş otagyna ýeke äkideni üçin işden çetleşdirildi
Türkmenistanda esgerler şahsy hojalyklara günlükçi’ hökmünde ugradylýar