Erdogan Bilen Rutte NATO-nyň Baş Sekretarynyň Saýlanmagy Etaby Hakynda Pikir Alyşdy

Erdogan Bilen Rutte NATO-nyň Baş Sekretarynyň Saýlanmagy Etaby Hakynda Pikir Alyşdy

Prezident R. T. Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Rutte telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we NATO-nyň täze baş sekretarynyň saýlanmagy etaby hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň NATO-nyň baş sekretarlygyna dalaşgärlige hödürlenen Ruttä goldaw berýändigini aýtdy.

Erdogan, täze baş sekretaryň terrora garşy göreşe, agza ýurtlaryň howpsuzlygyna we bähbitlerine, NATO-nyň täsiriniň güýçlenmegine, ÝB-ne agza bolmadyk hyzmatdaşlaryň howpsuzlygyna uly üns bermelidigini nygtady.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň ýokarda ady agzalýan ugurlar meslesinde NATO goldaw berjekdigini aýratyn belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe, Mark Rutteniň NATO-nyň Baş Sekretarlygyna Goldaw Berýär
“Türkiýe Bilen Edilýän Gatnaşyklar, ÝB we Gollandiýa Üçin Diýseň Möhüm”
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Abbas Gollandiýanyň we Awstraliýanyň Premýer-Minisreleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Baýden, Gaza Berilýän Ynsanperwer Kömeginiň Artdyrylmagyny Isledi