Erdogan Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýannama berdi

Erdogan Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Azerbaýjana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Prezident Erdogan: "Olaryň tamalary bar, emma Türkiýe bilen baglanşykly etmeli ädimlerini etmeýişleri ýaly, şol gepleşikleri geçiren wagtlarymyzda, esasan hem Şwesiýa, Stokgolmyň köçelerinde terrorçylary gezdirýärdi, öz polisiýasy bilen olary güwä astyna alýardy.

Hatda gepleşikler geçirilen günüň agşamy, Şwesiýanyň Döwlet telewideniýesinde Salih Müslim diýilýän terrorçyny çykyş etdirip, bize ýalňyş hereket etmekleri bilen birlikde, F16 meselesinde ýene-de oňaýsyz pozisiýalaryny dowam etdirdiler.Olar çynlakaý çemeleşmeýärler, ýürekden çemeleşmeýärler.

Bir howpsuzlyk guramasy bolan NATO-da bular ýaly terrorçylary bagryna basýan, bular ýaly terrorçylary gujaklarynda besleýän ýurtlar bilen baglanşykly, biz geçmişde edilen ýalňyşlyklary gaýtalap bilmeris.Ol näme ýalňyşlykdy?

Esasan hem Gresiýa geçmişde NATO-nyň düzüminden çykypdy, şol wagtyň Türkiýäniň hökümedi Gresiýanyň ýaňadandan NATO-nyň düzümine goşulmagynyň ýoluny açdy.Gresiýa hem edil şular ýaly zatlary aýdýardy, hiç zat bolmajakdygyny aýdýardy.

Ine görüşiňiz ýaly indi Gresiýanyň Ýewropa 400 milliard ýewro bergisi bar, köpi bar, azy ýok. 5+4, ýagny häzirki wagtda ABŞ-nyň Gresiýada 9 sany harby bazasy bar.Bolýar şol harby bazalar kime garşy guruldy, şol bazalar näme sebäpli bar?

Aýdýan zatlary şu: Russiýa garşy diýýärler. Ýalan, dogrusyny aýtmaýarlar. Ähli bu zatlaryň öňünde olaryň Türkiýä garşy eýeleýän pozisiýalary ortada.Birnäçe gün ozal Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakise näme etdirdiler?

ABŞ-da Mejlisiň we Senadyň gapylaryny açdylar, ol ýerde çykyş etdirdiler. Şonuň çykyşyny alkyşlap, çapak çaldylarmy?Hawa, alkyşlap, çapak çaldylar. Ähli bu wakalarda F-16 meselesi güntertibe getirildimi?

Hawa gün tertibe getirildi.Taýýip Erdogan Türkiýe Respbulikasynyň başynda durdugy saýyn, terrora goldaw berýän ýurtlaryň NATO-nyň düzümine goşulmagyny çürt-kesik goldamarys" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy