Erdogan: “Gresiýa NATO we Ýaranlara Uly Äsgermezçilik Etdi”

Erdogan: “Gresiýa NATO we Ýaranlara Uly Äsgermezçilik Etdi”

Prezident R.T.Erdogan: “Gresiýa howa giňişligimizi bozup, uçarlarymyzy biynjalyk etmek bilen başlan duşmançylykly çemeleşmelerini S-300 radar bloguny açmak derejesine göterip, NATO we onuň ýaranlaryna uly äsgermezçilik etdi” diýdi.

Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli berilen konsertde çykyş etdi.

Beýik hüjümiň Gresiýa bilen bilelikde duşman goşunlaryna garşy göreşiň soňky tapgyry bolan Ýeňiş baýramynyň 100-njy ýylyny belläp geçýändiklerini ýatladan Erdogan, Gresiýa bilen başdan geçirilýän dartgynlyklar hakynda-da durup geçdi.

Erdogan: “Gresiýa ne syýasy ne ykdysady ne-de harby taýdan biziň bäsdeşimiz ýa-da hyzmatdaşymyz däl.Bir asyr ozal bolşy ýaly şu günki günde-de Gresiýadan peýdalanyp ýurdumyzyň wagtyny we güýjüni puja çykarmaga synanşýanlaryň esasy niýetini biýäris.

Gresýa howa giňişligimiz bozup, uçarlarymyzy biynjalyk etmek bilen başlan duşmançylykly çemeleşmesini S-300 radar bloguny açmak derejesine göterip, NATO we onuň ýaranlaryna uly äsgermezçilik etdi.Amerika bize bermedik F-35 uçarlaryny Gresiýa hödür edip, rus howa goranyş uklgamlarynyň şol uçarlar bilen bir halta girmeginiň ýoluny öz eli bilen açdy.

Bize F-35 berjek dälmişler.Alan howa goranyş ulgamlaryna garşy durýarlarmyş, bizi gyzyklandyrmaýar.Bize berilmeýän ähli önümi öndürme ukybymyz bar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde “Ýaranlar Ankarada” çäresi geçirler
Türkmen talyplary MagistriUm olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Prezident Erdogan Madride gitmeden ozal metbugat ýygnagyny geçirdi
Doneskdäki Ýagdaý Agyr Bolmagynda Galýar
MHG Türkiýäniň Haklarynyň we Bähbitleriniň Hukuk Kadalaryna Laýyklykda Goraljakdygyny Beýan Etdi
DÖM boýunça Halkara olimpiadada türkmen talyplary birinji orunlaryň ikisini eýelediler