Erdogan Gresiýa Saparyny Dowam Etdirýar

Prezident Erdogan Sakelaropulu bilen duşuşyga geçmezden öň sözlän sözünde 6 ýyl soň Afyna gelendigi üçin örän şatdygyny beýan etdi.

“Ýokary dereželi strategik Geňeşiň mežlisiniň Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda täze döwrüň güýçli dowam etmegine şert döretžekdigine ynanýaryn” diýen Erdogan; “Şu gün uly wekiliýet bilen geldik.Ministrlerimiz birek-birek bilen, kareşleri bilen netiželi duşuşyklar geçirerler.

Elbetde maksat, aramyzdaky 5,5 milliard dollarlyk söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetirmek.Bu meselede haýsy ugurlarda nähili başlangyçlary edip bileris, şular hakynda pikir alyşarys.Aramyzdaky alynky taýýarlyklary degişli ministrler gördüler.

Bular bilen bilelikde gollary çekip, ýolumyza has ynamdar dowam ederis.Käsäniň doly tarapyna seretmek geležek üçin elmydama bähbitli bolar” diýdi.

Erdogan we Sakelaropulu çykyşlardan soň metbugata ýapyk häsýetde duşuşyga başladylar.

Erdogan Afynyda Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriýakos Mikotakisi hem kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…
Prezident Erdogan Pakistana Bardy
Owadandepe türmesinde 'ýitirim edilen' ýene bir tussagyň ykbaly barada täze maglumatlar peýda boldy
Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy
Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 78 Adama Ýetdi