
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Hataýyň Ata Watanyň düzümine goşulmagynyň 85 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Prezident Erdogan: "Hataý tapawutly medeniýetleriň we dinleriň parahatçylyk içinde bir ýerde ýaşaýan, Anadolyda gadymy medeniýetlere ýer eýeçiligini eden, doganlygyň we hoşniýetliligiň merkezidir.Ata Watan bilen birleşmek bilen bagly karar, hataýlylaryň güýçli ygtyýary bilen kabul edildi.
Bu birleşmek karary milli jebisligimize we bütewiligimize goşant goşdy, halkara arenada ýurdumyzyň parahatçylykly şahsyýetini öň hatara çykardy we abraýyny artdyrdy.Bu birleşmek bilen bagly karar, eziz milletimiziň jebisligini we agzybirligini ähli zatdan üstün görýändiginiň görkezijisidir" diýip belledi.
Umumy gymmatlyklaryň töwereginde birleşip, geljege tarap şol bir erjellik we tutanýerlilik bilen barýandyklaryny aýdan Erdogan, Hataý welaýatynada öz ýaramaz täsirini ýetiren 2023-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky ýer titremäniň, soňky asyrda bolan iň uly tebigy betbagtçylyk hökmünde taryha ýazylandygyny beýan etdi.
Bu ýer titremede ýogalan adamlara Alladan rehnet, dogan-gadyndaşlaryna bolsa sabyr we gynanç bildirýändigini aýdna Erdogan: "Bu pikirler bilen Gazy Mustafa Kemal we Hataýyň prezidenti Taýfur Sökmen başda bolmak bilen, bu milli dawa üçin tagalla eden ähli adamlary hormat bilen hatyralap geçýärin, hataýlylary we ähli raýatlarymyzy tüýs ýüregim bilen salamlaýaryn" diýip belledi.