Erdogan Ilkinji Agzaçaryny Kahramanmaraşda Etdi

Erdogan Ilkinji Agzaçaryny Kahramanmaraşda Etdi

Prezident R.T.Erdogan ýylyň ilkinji agzaçaryny 6-njy fewralda bolan ýer titremeleriniň güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatyndaky Karajasu Konteýner şäherinde şehitleriň, gahrymanlaryň we ýer titremelerde ejir çeken maşgalalaryň agzalary bilen etdi.

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde bu ýylky remezanyň ýer titremeler sebäpli pida bolan janlaryň ýürekleri daglaýan günlerinde gussaly garşy alynandygyny beýan edip, ýer titremelerde pida bolan raýatlara alladan rahmet, ýakynlaryna sabyr we bejergileri dowam edýän ýaralylara bolsa şypa diledi.

Prezident Erdogan 14 million raýatyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetiren betbagtçylyga nirede ýaşaýandygyna garamazdan hiç kimiň ünssiz çemeleşmäge hakynyň ýokdugyny nygtap, “Ýer titremelerde ejir çeken raýatlarymyza ýalňyz däldiklerini görkezmek, olaryň öňündäki borçlarymyzyň we doganlygymyzyň jogapkärçiligidir” diýdi.

Terrorizme garşy göreş hakynda-da durup geçen Erdogan; “Soňky terrorist ýok edilýänçä operasiýalarymyz, serhetlerimiziň çäginde we daşynda dowam eder. Terrory ýeňmek bilen çäklenmeris. Şol pespälleri goldaýanlaryň, ýaranlyk edýänleriň, olary ýarag we ok-däri bilen üpjün edýänleriň kirli hasaplaryny hem puja çykararys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny