Erdogan ÝHG-niň Kararlaryny Tassyklady

Erdogan ÝHG-niň Kararlaryny Tassyklady

Maslahatyň ahyrynda Prezident R.T.Erdogan tarapyndan tassyklanan kararlara görä Gurgyýer goşunlarynyň Serkerdesi general Ümit Dündar hormatly dynç alyşa çykdy, Birinji goşunyň Serkerdesi general Musa Awsewer Guryýer goşunlarynyň serkerdeligine bellendi.

Harby howa güýçlerinin Serkerdesi general Hasan Küçükakýüz bilen Deňiz güýçleriniň Serkerdesi admiral Adnan Özbalyň wezipeleriniň möhleti 1ýyl uzaldyldy.

Prezidentiň metbugat Sekretary İbrahim Kalyn maslahatdan soň beren beýannamasynda; “44 generalyň we admiralyň iş möhletleri 1 ýyl, 320 polkownigiň iş möhleti 2 ýyl möhlet bilen uzaldyldy. 2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda güýje girjek karara laýyklykda 17 general we admiralyň wezipesi ýokarlandyryldy, 56 polkownik bolsa generallyk we admirallyk wezipesine bellendi.

Bir general hormatly dynç alyşa, 29 general we admiral iş orunlarynyň doly bolmagy sebäpli 30 awgustdan hormatly dynç alyşa çykaryldy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy Gazagystanda saparda bolýar
Ysraýylyň Gaza başladan hüjümleri
Yraga Guryýer Operasiýasy
Türkiýe Bilen Pakistan Harby Gatnaşyklaryny Ösdürer
Özbegistana Tölegsiz Geçiş Kwotasy 60 Göterim Artdyryldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny