Erdogan Ýokary Harby Şurada kabul edilen kararlary tassyklady

Erdogan Ýokary Harby Şurada kabul edilen kararlary tassyklady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde Ýokary Harby Şura maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.

Prezident Erdogan Ýokary Harby Şuranyň maslahatynda kabul edilen kararlary tassyklady.

Karara laýyklykda Baş ştabyň başlygy wezipesine 2-nji Goşunyň serkerdesi general Metin Gürak bellendi.

Guryýer güýçleriniň serkerdesi wezipesine Baş ştabyň başlygynyň 2-nji orunbasary general Selçuk Baýraktarogly, Harby-howa güýçleriniň serkerdesi wezipesine Söweşjeň awiasiýanyň serkerdesi general Ziýa Jemal Kadyogly bellendi.

Ýokary Harby Şuranyň karary bilen 2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda 32 generalyň we admiralyň çini ýokarlandyrylar, 63 polkownik bolsa general we admiral wezipesine ýokarlandyrylar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň goşuny Yspyhan welaýatynda harby türgenleşik başlatdy
Mawy Watan 2025 harby türgenleşigi geçirilýär
Mawy Watan 2025 harby türgenleşigi tamamlandy
Paýtagtda we welaýatlaryň merkezlerinde hasyl toýy toýlanýar, etraplarda mejbury ýygym dowam edýär
Russiýanyň Merkezi Harby okrugy: Türkmenistan bilen bilelikdäki harby tälimler täzeden dikeldi
13.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Milli Goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi