Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary

Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary

Prezident Erdogan saýlawda gazanan üstünliginden soň ilkinji günlerde daşary syýasatda NATO gönügen bolsa, soňunda uzak möhletden bäri garaşylýan Türkiýäniň ykdysady we syýasy pozisiýasy taýdan iňňän möhüm netijeleriniň bolmagyna garaşylýan Aýlag sebitine sapar gurady.

Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katara sapar eden Erdogan uly wekiliýet bilen bilelikde iňňän möhüm şertnamalar baglaşdy.Bu saparyň we gazanylan ylalaşyklaryň Türkiýäniň strategik we ykdysady pozisiýasyny güýçlendirjek möhüm tapgyry başladandygyny aýdyp bileris.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Prezident Erdogan üç gün dowam eden saparynyň çäginde 3 ýurda bardy.Saparlaryň esasy gün tertibini bolsa sebitleýin wakalar bilen bilelikde harby, syýasy we ykdysady gatnaşyklar emele getirdi.Prezidentiň ilkinji sapary Saud Arabystanyna boldy.

Erdogan ol ýerde ŞA Salman bin Abdulaziz Al Suud bilen bilelikde Mirasdüşer Şazada Muhammed bin Salam bilen duşuşdy.Saud Arabystan-Türkiýe Işewürler maslahatyna gatnaşan Erdogan, möhüm harby we syýasy hem-de ykdysady şertnamalara gol goýdy.

Esasanda Türkiýäniň esasy ýaragly uçarmansyz howa ulag öndürijisi “Baýkar” firmasy bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýokary tehnologiýaly ÝUHU-lar bolan “Akynjylary” öz içine alýan satuw, tälim we bilelikdäki önümçilik şertnamalary baglaşyldy. “Baýkaryň” ýolbaşçysy Haluk Baýraktar beren beýannamasynda bu ylalaşygyň Türk goranyş senagatynyň bir gezekde baglaşan iň uly şertnamasy bolandygyny aýtdy.

Wekiliýetiň düzümindäki ministrler hem kärdeşleri bilen möhüm şertnamalar baglaşdylar.

Soň Katara baran Erdogan, Kataryň Emiri Al Sani bilen duşuşdy. Prezindent Erdogan Dohada geçirilen Katar-Türkiýe Işewürler maslahatyna ganaşyp, ol ýerde çykyş etdi. Katar bilen birnäçe şertnama baglaşyldy.

Erdoganyň soňky duralgasy bolsa Birleşen Arap Emirlikleridi.BAE-niň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýed bilen duşuşan Erdogan, Abu Dabide guralan Işewürler maslahatyna gatnaşdy.Saparlar hakynda metbugatda çykan habarlardan iň uly göwrümli şertnamalaryň BAE bilen baglaşylandygy görülýär.

Berilen resmi beýannamalara görä, Türkiýe bilen BAE-niň arasynda 50,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy.BAE-niň Türkiýedäki ýer titremelerden soň gaýtadan dikeldiş işleriniň maliýeleşdirilmeginden peýdalynmagy üçin serişde goldawyny bermeginiň ýany bilen, goranyş senagaty, ulaglar, saglygy goraýyş, infrastruktura, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurda ýokary mukdarly şertnamalar baglaşyldy.

BAE-niň Türkiýede möhüm maýa goýumlaryny goýmagy boýunça hem ylalaşyldy. “Baýkaryň” başda durmagynda BAE-niň Türkiýeden uly mukdarda ýarag satyn almagy üçin şertnama baglaşylandygy habar berildi.

Erdogan sapara baran ýurtlarynynyň ählisinde Türkiýäniň elektromobili “TOGG-y” kärdeşlerine sowgat edip, jemgyýetçilik diplomatiýasyny alyp bardy.

Umuman alnanda Erdoganyň Aýlag sebitine saparynyň üstünliklidigi, degişli ýurtlar bilen düýpli strategik ýaranlygyň gurulmaga başlanandygy görülýär.Katar bilen uzak ýyllardan bäri dowam edýän strategik ýaranlyk hasam berkidilen bolsa, esasanda Saud Arabystany we BAE bilen hem şeýle gatnaşyklaryň başynyň başlanandygyny aýtmak mümkin.

Sebitleýin kadalaşmanyň hötdesinden gelinip, ýaranlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna tarap ösüş edilendigi görülýär.Taraplaryň bähbitleri täze konýenkturada biri-birini tamamlaýan bolsa, umumy howplar we wehimler hem şol ýaranlygy höweslendirýän häsýete eýe.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen söhbetdeş boldy
Türkiýe, Mark Rutteniň NATO-nyň Baş Sekretarlygyna Goldaw Berýär
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan, BAE-niň Döwlet Ýolbaşçysy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Eýran Bilen Dartgınlıň Ýeke-täk Günäkäri Netanýahu