Erkin söwda gepleşiklerine täzeden başlaýar

Ýewropa Bileleşigi Filippinler bilen ägirt uly erkin söwda şertnamasy boýunça gepleşikleri täzeden dowam etdirmekçi. Bu barada Ursula fon der Lýaýen, Prezident Ferdinand Markos-kiçi bilen bilelikde Manilada mälim etdi. Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gepleşikleri ozalky Rodrigo Duterte döwründe saklanypdy.

Bu Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň Filippinlere soňky 60 ýylda eden ilkinji saparydyr.

-Toparlarymyz gepleşiklere gaýdyp gelmegimiz üçin zerur şertleri döretmek üçin derrew işe başlar. Erkin söwda şertnamasy ösüş we iş ýerleri babatynda ikimiziň nukdaýnazaryndan hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen aýtdy.

-Şu ýyl Ýewropa Komissiýasy bilen Filippinleriň arasynda erkin söwda şertnamasyny baglaşmak baradaky gepleşikleriň geçirilmegini goldaýaryn diýip, Filippinleriň Prezidenti Ferdinand Markos-kiçi aýtdy.

Şeýle hem, Ursula fon der Lýaýen we Ferdinand Markos-kiçi Filippinlerde “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek baradaky şertnama gol çekdiler. Ol hyzmatdaş ýurtlara howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin infrastruktura gurmaga kömek edýän Ýewropa başlangyjynyň bir bölegi hökmünde durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, deňizdäki plastik galyndylaryň ekologiýa ýaramaz täsirlerine garşy göreş hakda gürrüň gozgaldy.

Ýene degişli makalalar

Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ÝB Tunis: migrasiýany çäklendirmek barada şertnama
Çip önümçiligine 90 milliard ýewro çekdi
Mikroçiplere garaşlylygy azaltmak isleýär
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit