Erkin Taganow BAE-de geçirilen halkara karate ýaryşynda bürünç medal eýeledi

Erkin Taganow BAE-de geçirilen halkara karate ýaryşynda bürünç medal eýeledi

Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Erkin Taganow Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujeýra şäherinde geçirilen Ýaşlaryň Karate ligasy 1 atly halkara ýaryşyň birinji tapgyrynda bürünç medal gazandy.

Türkmenistanly türgen bu üstünlige karateniň kumite görnüşi boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde ýetdi. Ol eýranly, kuweýtli we BAE-li garşydaşlaryndan üstün çykyp, diňe ýarym finalda belgiýaly türgenden ýeňildi. Erkin Taganow ýaryşyň bürünç medalyny gazagystanly Dinmuhammet Aidarbek bilen paýlaşdy.

Bu agram derejesinde belgiýaly Matt Rombeks birinji orny eýeledi. Özbegistanly Humoýunmirzo Halimow bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Bu agram derejesinde Türkmenistana Dawut Saryýew hem wekilçilik edip, ol umumy hasapda 11-nji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
HGI-de XXI asyrda diplomatiýanyň orny atly düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda