Ermeniler Ýarag Taşlady, Azerbaýcan Antiterror Operasiýasyny Bes Etdi

Ermeniler Ýarag Taşlady, Azerbaýcan Antiterror Operasiýasyny Bes Etdi

Azerbaýcanyň Goranmak ministrligi Garabagdaky ermeni toparlarynyň ýarag taşlandygyny, Azerbaýcanyň goşunlarynyň antiterror operasiýasyny bes edendigini habar berdi.

Ministrlikden berilen beýannamada Garabagyň ermeni ilatynyň wekilleriniň Russiýanyň parahatçylyk güýçleriniň araçylyk etmeginde eden ýüztutmasyna laýyklykda ýerli häsýetli antiterror pperasiýasynyň bes edilmegi hakynda ylalaşyk gazanylandygy mälim edildi.

Beýannamada ylalaşyk hakynda şeýle diýilýär:

- Azerbaýcanyň Garabag sebitindäki Ermenistanyň ýaragly birikmeleri ýa-da bikanun ermeni ýaragly toparlary ýaraglaryny taşlaýar, söweş pozisiýalaryndan we berkitmelerinden çekilip, doly ýaragsyzlanýar. Ermenistanyň ýaragly birikmeleri Azerbaýcanyň territoriýasyndan çekilýär, bikanun ermeni ýaragly toparlary dargadylýar.

- Şuňa parallellikde ähli ýaraglar, ok-däri we agyr ulaglar tabşyrylýar.

- Ýokarda beýan edilenleriň Russiýanyň parahatçylyk güýçleri bilen utgaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilmegi ýola goýulýar.

Azerbaýcanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannamada bolsa ertir Ýewlah şäherinde Garabagdaky ermeni ilatynyň wekilleri bilen gaýtadan integrasiýa boýunça geňeşmeleriň geçirilcekdigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi
Hakan Fidan Bakuwa Bardy