Ermenistan-Azerbaýjan serhedindäki çaknyşyklar

Ermenistan-Azerbaýjan serhedindäki çaknyşyklar

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň serhetdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin ädimler edendikleri aýan edildi.

Beýanatda: "Häzirki wagtda Karakilisde çaknyşyklar durdy, ýagdaý kadalaşdy we gözegçilik astyn alyndy" diýip habar berildi.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi bolsa öz gezeginde: "Russiýanyň araçylyk etmeginde ýerli wagt bilen sagat 17:30-da Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde od açmazlyk barada ylalaşyga gelindi" diýip mälim etdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Ermenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýan bilen Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde başdan geçirilen dartgynlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Kreml tarapyndan berilen beýanatda: "Iki lider aragatnaşygy dowam etdirmek babatynda ylalaşyga geldiler" diýip aýan edildi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu hem, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow we Ermenistanyň Goranmak ministri Suren Papikýan bilen Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde başdan geçirilen dartgynlygy telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde başdan geçirilen dartgynlygyň maslahatlaşylandygy bellenip: "Şoýgu taraplaryň ikisinede dartgynlygy artdyrmaga sebäp bolup biljek aksiýalardan uzak durmaga çagyrdy" diýip aýan edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda bolsa, ýagdaýyň parahatçylykly ýagdaýa gelmegi üçin Baku we Ýeriwan bilen aragatnaşyk içindedikleri beýan edildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknaşyklara alada bildirýändiklerini, taraplara dartgynlygy azaltmaga çagyrýandyklaryny habar berdi.

Ermenistanyň goşuny serhet zolagynda käbir depeleri ele salyp, has amatly söweşjeň liniýalara eýe bolmak üçin düýn ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Laçyn we Kelbejer ugurlarynda operasiýa başladypdy. Hüjümlerde Azerbaýjan tarapyndan 2 esger ýaralanypdy.

Azerbaýjanyň goşuny hem şol ugurda garşylyk görkezmek maksady bilen jogap operasiýasyny başladyp, hüjüm guran ermeni esgerleri göz tussaglygyna alypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň goranmak ministri Moskwada geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Akar Bilen Hasanow Ermenistan Serhedinde Başdan Geçirlen Dartgynlyk Hakynda Pikir Alyşdy
ASELSAN Tarapyndan Öndürlen Enjamlar Ýokary Hilli
Azerbaýjanda harby dikuçar heläkçilige uçrady
Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi
Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi