Ermenistan Isa mesihiň dünýäde iň beýik heýkelini dikmekçi

Ermenistan Isa mesihiň dünýäde iň beýik heýkelini dikmekçi

Ermenistanyň hökümeti dünýäde Isa pygamberiň iň belent heýkelini dikmek barada taslama rugsat berdi, bu barada düýn ýurduň premýer-ministri Nikol Paşinýan habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.

Degişli döwlet edaralary bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp, karar kabul etmelidirler. Biziň taslama deslapky bahamyz oňyn häsiýete eýedir, sebäbi munuň Ermenistana jahankeşdeleriň ünsüni artdyrjakdygyna bil baglaýarys diýip, Paşinýan nygtady.

Bäsleşige 300-den gowrak iş gelip gowuşdy, olardan 12-si saýlandy. Jemgyýetçilik ses berlişiginiň we bäsleşigiň eminler toparynyň saýlamagy netijesinde heýkletaraş Armen Sambelýanyň taslamasy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Arhitektoryň pikirine görä, heýkeliň boýy mesihiň ýaşan ömrüne laýyklykda 33 metr bolar. Heýkeliň umumy beýikligi 77 metre ýetip, Ýerewandan 25 kilometrlikdäki Atis dagynyň üstünde gurlar.

Häzirki wagtda dünýäde Iusus Hristosyň iň belent heýkeli Polşanyň Swebodzin şäherindäki Hrist Patyşanyň heýkeli hasaplanýar, onuň umumy beýikligi 52 metrdir

Ýene degişli makalalar

26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
09.12.2019 | Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmen arhitektorlary halkara bäsleşikleriniň üçüsine gatnaşdylar
Daniýada ýagyş suwy alternatiw çeşme hökmünde ulanylýar