Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”

Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”

Ermenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýan, ýurdundaky rus harby bazasynyň howpsuzlyk taýdan beýleki ähmiýetli bolmandygyny aýtdy.

Premýer-ministr Paşinýan metbugata beren beýannamasynda, Ermenistanyň Gümrü şäherinde ýerleşýän Russiýanyň 102-nji harby bazasy barada durup geçdi.

Harby baza bilen arabaglanşykly meseläni Russiýanyň gün tertibine getirendigini aýdan Paşinýan “Harby baza Ermenistanyň howpsuzlygy üçin beýle möhüm däl” diýdi.

Rus harby bazasynyň Ermenistanyň howpsuzlygyna goşant goşmaýandygyna ünsi çeken Paşinýan “Russiýa dost ýurt. Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok. Islän mahaly esgerlerini çekip bilerler”diýip belledi.

Ermenistanyň Gümrü şäherindäki 102-nji rus harby bazasy, Russiýanyň Günorta Kawkazdaky esasy harby bazalaryndan biri hökmünde bilinýär.

Harby baza iki ýurduň arasynda 1995-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň çäginde açyldy.

Harby bazada gury ýer güýçleri bilen birikde howa goranyş ulgamlary we harby uçarlar bar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geçen hepde harby bazada barada beren beýannamasynda “Biz Ermenistandan çekilip bileris” diýipdi.

Ýene degişli makalalar