
Dünýäde tokaýyň içinde emele gelen esasy trawertin zolaklaryndan biriniň Türkiýede ýerleşändigini bilýäňizmi?
Dünýä meşhur Pamukgala trawertinlerinden daşgary Türkiýäniň Gara deňiz sebitinde ýene-de bir trawertin zolagy bar. Giresun welaýatyyň Dereli etrabynda Pamukgalany ýada salýan Göksu trawertinleri dünýäde ABŞ-daky Ýellowston goraghanasyndan soň tokaýyň içinde emele gelen esasy trawertin zolagydyr.
Kuzalan milli goraghanasyna 4 kilometr alysda ýerleşýän Göksu trawertinleri, turkuaz we ak reňkleri bilen Pamukgalany ýada salýar.Mineral taýdan ýokary sodaly suwdan emele gelýän trawertinleriň ýerleşýän zolagy, terassa görnüşinde ululy-kiçili käller emele getirmek arkaly abadanlaşdyryldy.
Gelenler üçin gurlan ýodalar wagtyň geçmegi bilen ak reňke öwrülen bolsa, käller turkuaz reňke öwrüldi.Göksu trawertinlerindäki abadanlaşdyryş işleri 2022-nji ýylda gutarar we ajaýyp zolak syýahatçylyk pudagyna açylar.