ESERLERI IL GÖWNÜNI ŞAT EÝLÄR

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde türkmen realistik prozasynyň başyny başlan ýazyjylarynyň biri Nurmyrat Saryhanowy ýatlap onuň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap “Eserleri il göwnüni şat eýlär” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Edebi-sazly duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi halypa, şahyr zenan Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Bazar Şalyýew gatnaşdylar.Geçirilen edebi duşuşykda kitaphana hünärmeni okuwçylara ýazyjynyň döreden eserleri we onuň maşgalasy hakynda gürrüň berdi.

Nurmyrat Saryhanow özüniň gysga manyly ömründe türkmen halkyna hiç wagt gymmaty peselmejek ajaýyp eserleri miras galdyrdy.Onuň “Kitap”, “Şükür bagşy” eserleri türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi.Mähriban okuwçylar ýazyjynyň ýekeje Orazjemal atly gyzy bolýar.

Orazjemal Saryhanowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär.Orazjemal daýzanyň üç ogly bir gyzy bar.Duşuşyga gatnaşýan şahyr zenan Bahargül Kerimowa ýazyjynyň gyzynyň öz mugallymy bolandygyny hem kakasynyň suratyny ýadygärlik berendigini täsirli gürrüň berdi.

Halypa şahyr Bazar Şalyýew hem “Kitap”, “Şükür bagşy” eserlerini gysgaça gürrüň berdi.Geçirilýän çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary halypalar bilen sorag-jogap alyşdylar.Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda sahna oýnuny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly