Estoniýanyň Prezidenti Ankarada Saparda Bolýar

Estoniýanyň Prezidenti Ankarada Saparda Bolýar

Estoniýanyň Prezidenti Alar Karis, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä geldi.

Myhman Prezident Karis, paýtagt Ankarada ilki Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürkiň aramgähine bardy.

Alar Karis aramgähiň ýatlama depderine “Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürkiň gubyryna gül desselerini goýmak miýesser etdi. Estoniýa Respublikasy bilen Türkiýe Respublikasy dost we hyzmatdaş ýurt. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy bellenilip geçilýär. Dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etmegini umyd edýärin” diýip ýazdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, myhman Prezident Karis Prezident R. T. Erdogan bilen hem duşuşar.

Iki lider duşuşykda özara gatnaşyklar we hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşar.

Türkiýe bilen Estoniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygyna gabat gelýän saparyň çäginde, Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, aktual sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Respublika Baýramy Dabaraly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”
Finlýandiýanyň Prezidenti Ankara Geldi