Etjek Doga-dilegleriňiz Kabul Bolsun

Etjek Doga-dilegleriňiz Kabul Bolsun

Yslam dininde remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýän we Gurhanda “müň aýdan has haýyrly” bolandygy beýan edilýän gadyr gijesi şu gije bellenilip geçiler.

Gurhanyň ýer ýüzüne inderilmäge başlanan gadyr gijesi “asmanyn gapylarynyň açylan, dogadyr tobalaryň kabul edilýän mübärek gije” hökmünde kabul edilýär.

Gadyr gijesinde toba etmek we günäleriň bagyşlanmagy üçin doga etmek we Gurhan okamak maslahat berilýär.

Muhammet Pygamber “müň aýdan has haýyrlydygy” beýan edilen Gadyr gijesinde: "Allam sen günäleri bagyşlaýansyň, günäleri geçýänsiň, meniňem günälerimi geç, bagyşla" diýlip doga okalmagyny maslahat beripdir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda kalligrafiýa sungatynyň we Gurhan kitabynyň sergisi açyldy
Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler
Balkanda metjitlerde çagalara dini bilim bermezlik talap edilýär
“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”
Ertir Gadyr Gijesi
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy