EURO 2024 Çempionatynyň çärýek final duşuşyklary şu gün başlaýar

EURO 2024 Çempionatynyň çärýek final duşuşyklary şu gün başlaýar

EURO 2024-iň irki finaly hökmünde häsýetlendirilýän Ispaniýa-Germaniýa çärýek final tutluşygy şu gün geçiriler.

Stuttgart Arena stadionynda geçiriljek Ispaniýa-Germaniýa duşuşygy şu gün Türkiyäniň wagty bilen sagat 19:00-da başlar.

Emin agzasy Entoni Teýlor boljak duşuşyk TRT1 kanalyndan we TRT tabii gollanmasyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler.

Şu gün şeýle hem EURO 2024-iň çärýek finalynda Portugaliýa-Fransiýa duşuşygy geçiriler.

Gamburgda ýerleşýän Volkspark stadionynda geçiriljek duşuşyk Türkiyäniň wagty bilen sagat 22:00-da başlar.

Şu gün geçiriljek duşuşygyň ýeňijileri çempionatyň ýarym final tutluşygynda özarara bäsleşerler.

Ýene degişli makalalar

Wezipesinden boşadyldy, 20 million ýewro öweztöleg puluny alar
Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TCG ANADOLU SAHA 2026 GORANYŞ SERGISINDE TANYŞDYRYLDY
Günüň möhüm habarlary|06.05.2026