EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň

EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň

Wanna otagyňyzda her gün tropik çabganyň serginligini duýmak isleýärsiňizmi? EuroHome TM dükanynda hödürlenýän Germaniýanyň Schütte brendiniň täze gelip gowşan duş ulgamlary bilen bu indi hakykatdanam mümkin boldy!

Indi srtesse garşy mylaýym çabganyň täsirini öýden çykmazdan duýup bilersiňiz. Leýki ýörite gurluşy — dakylýan enjamy we aerator — tropiki çabganyň täsirini döretmäge ýardam edýär. Bu hili duşuň yzygiderli kabul edilmegi şulara kömek edýär:

Schütte — ýokary hilli duş ulgamlaryny öndürmekde köp ýyllyk tejribesi bolan kompaniýa. Schütteniň önümleriniň ählisi Germaniýada öndürilip, ol ýokary hil standartlaryny we ygtybarlylygy kepillendirýär.

EuroHome TM müşderileriň her bir önümiň hiline we ygtybarlylygyna ynamly bolmagy üçin dükanyň assortimentini üns bilen saýlap alýar. Dükanda diňe özlerini Ýewropanyň iň gowy öndürijileri hökmünde ykrar etdiren hem-de santehnika bazarynda uly abraýdan peýdalanýan kompaniýalaryň önümleri hödürlenýär.

Harytlary Ýewropadan göni üpjün edýändigi üçin, EuroHome TM türkmen sarp edijilerine amatly bahalary hödürleýär. Dükan santehnika enjamlarynyň bahasynyň Türkiýeden we Hytaýdan getirilýän şol hili önümlerden arzandygyny belleýär.

EuroHome TM dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 64-nji bina, Türkmen deri binasy, 2-nji gat.

Dükan harytlary Türkmenistanyň ähli sebitlerine ugradýar.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Halypalara sarpa
NG Kutahya dükany wanna otagy üçin stilli we köptaraply mebelleri hödürleýär
NG Kutahya dükanyndan wannany abatlamak üçin ähli zerur zatlary satyn alyp bolýar
Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär
NG Kutahya dükany dürli görnüşli pol örtüklerini hödürleýär
Akon Türkmenistanda ikinji konsertini berdi