“Euronews” teleýaýlymy bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” ýewropa maglumat teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi.

Daşary syýasat edarasynda geçirilen ýygnakda Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwain Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar we halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalary beýan etdiler.

Taraplar soňky on ýylda Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary beýan etmek üçin birnäçe üstünlikli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini görkezýän netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

“Euronews” bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan ynam we üns üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki işleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylygy bilen geçirilen gepleşikleriň çäginde bilelikdäki maglumat materiallaryny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri hususan-da biziň ýurdumyzda geçirilen halkara we sebit ähmiýetli wakalary şöhlelendirmek boýunça geljegi uly taslamalara üns berildi.

Myhmanlar Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümine girýän täze döredilen Halkara maglumat merkeziniň wezipeleri we işleri bilen tanyşdylar.

Bu nukdaýnazardan, “Euronews”-yň wekilleri halkara maglumat ulgamynda Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin uzak möhletleýin strategiki garaýyşlaryny paýlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Euronews Türkmenistanda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirdi
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň üýtgedilen nyrhnamalary bilen tanyşdyrdy, Türkiýä gitmek üçin syýahatçylyk wizasyna gerek resminamalaryň sanawy, ýanwar aýynyň soňunda Türkmenistanda maýyl howa garaşylýar we beýleki habarlar
Ählisi mugt: Amsterdamda mätäç maşgalalar üçin supermarket açyldy
Angela Merkele BMG-niň bosgunlar boýunça baýragy gowşuryldy
BMG-niň wekilleri Somalide açlyk howpy barada biýnjalyk bolýarlar
Hudaýyň eli satlyga çykýar