Eýran özüniň demirgazyk-günbatar serhedine harby güýç ornaşdyrýar

Eýran özüniň demirgazyk-günbatar serhedine harby güýç ornaşdyrýar

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyna ýakynlygy bilen tanalýan Tesnim habaralr agentligi, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň serhediniň ýerleşýän sebite harby güýç ýygnaýandygy bilen bagly materiallar çap etdi.

Materiallarda sebite tanklaryň we uzak aralykly toplaryň ornaşdyrylýandygyny görüp bolýar.

Habarda Bagdat bilen Tähranyň arasyndaky eýranly oppozisioner guramalarynyň ýaragsyzlandyrylmagy ylalaşygynyň soňky güni bolan 19-njy sentýabrdan ozal Yrak serhedine harby güýç ornaşdyrylýandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Yragyň hökümedi Tährandaky ilçisini yzyna çagyrdy
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder
Terrora garşy göreş PKK-KDP çaknyşygy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak saparyny dowam etdirýär