Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi

Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni ýurduň DIM-niň edara binasynda Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Hosein Amir Abdollahiýan Eýranyň Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny premýer-ministrler derejesinde geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda energiýa, üstaşyr geçelgeler we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Hosein Amir Abdollahiýan Hazar deňzini kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygyň sebiti diýip atlandyrdy. Şeýle hem diplomat Hazar deňziniň hukuk, howpsuzluk we ykdysady meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz gezeginde oňyn ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň, şol sanda Türkmenistan bilen Eýranyň Prezidentleriniň we daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny iki ýurduň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň alamaty hasaplaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan bilen Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ikitaraplaýyn alyş-çalyşlaryň göwrümini ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistana amala aşyran saparynyň ahyrynda penşenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň ýakyn wagtda Aşgabat şäherine boljak saparyna taýýarlyk görülýändigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI