Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy

Şu gün Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji maslahaty geçirildi. Onlaýn tertipde geçirilen sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Sammitiň çäklerinde kabul edilen resminamalara laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna resmi taýdan agzalyga kabul edilendigi yglan edildi.

Eýran bu guramanyň 9-njy agzasy boldy. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitinde Eýranyň gurama agzalyga kabul edilmegi mynasybetli ähtnama gol çekilipdi.

Guramanyň Pekin şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagyny belende galdyrmak dabarasy boldy. Bu hem Eýranyň guramanyň resmi agzasy bolandygynyň subutnamasydyr.

2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda döredilen ŞHG guramasyna 6 ýurt Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan agza boldy. 2017-nji ýylda bu gurama Hindistan bilen Pakistan goşuldy.

2023-2024-nji ýyl üçin Şanhaý Hyzmatdaş¬lyk Guramasynyň başlyklygy Gazagystan Respublikasyna geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär