Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär

Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär

Sarahs serhedinden (türkmen-eýran serhedi) Eýranyň çägine — Bandar-Abbasa çenli demir ýollary arkaly daşalýan ýükleriniň menzile gowşurylmagy üçin 3-5 gün gerek bolýar diýip, Mehr habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollarynyň Baş müdiri Miad Salehiniň Tähranda deňiz ykdysadyýeti boýunça geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi.

Salehi öz çykyşynda Eýranyň ykdysadyýeti üçin demirýol gatnawyň we üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti barada aýdyp, Sarahs — Inçe-burun iki demirýol serhedini mysal hökmünde getirdi we ýükleriň bu serhetler arkaly Hytaýa we Russiýa ibermek mümkinçilikleriniň ulydygyny belledi. Şeýle hem ol halkara ýük gatnawlarynda arzanladyşlaryň ulanyljakdygyny we içerki ýüklere aýratyn amatlylyklaryň göz öňüne tutuljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Türkmenistan Eýran bilen serhedindäki çäklendirmeleri gowşadyp başlady
Türkmen häkimiýetleri ilatyň "Eýran baradaky pikir alyşmalaryny çäklendirmäge synanyşýar"
Türkmenistan Eýrandan ýurda 200 adam girdi diýýär, prezident Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan üstaşyr Eýrandan çykaryldy
Russiýa bilen Özbegistan raýatlarynyň Türkmenistandan üstaşyr Eýranyň çäginden çykarylmagyny gurnaýar