Eýran we Azerbaýjan biri-birlerine nota berdiler

Eýran we Azerbaýjan biri-birlerine nota berdiler

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aýhan Hajyzade, Eýranyň Azerbaýjana Eýrana garşy ýaýlymlaryň öňüni almak üçin nota berendigini, Azerbaýjanyň hem şol sebäp bilen Eýrana jogap berendigini habar berdi.

Aýhan Hajyzade beren ýazmaça beýanatynda, Eýranyň nota bermeginden soň, şol ýurduň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Abbas Musewiniň ministrlige çagyrylandygyny mälim etdi.

Ilçi Abbas Musewä Eýranyň notasyndaky Azerbaýjanyň metbugat bilen baglanşykly meseleleriň obýektiw bolmandygynyň aýdylandygyny bellän Hajyzade, özüne Azerbaýjanyň jogap notasy bilen birlikde Eýranyň metbugatynda Azerbaýjana garşy çap edilen ençeme habaryň sanawynyň hem berilendigini habar berdi.

Hajyzade Eýranyň metbugatynda dowamly häsýetde çap edilýän Azerbaýjana garşy ýalan we töhmet häsýetindäki neşirleriň we eýranly resmileriň hakykata bap gelmeýän beýanatlarynyň iki ýurduň gatnaşyklaryna zyýan ýetirýändigini we düşünişmezçilikleriň has hem çuňlaşdyrýandygynyň Abbas Musewä ýetirilendigini aýan etdi.

Iki ýurduň arasynda başdan geçirilýän düşünişmezçilikleriň hemişe Eýranyň birtaraplaýyn häsýetdäki çemeleşmesinden we ädimlerinden gözbaş alýandygyny aýdan Hajyzade, Azerbaýjanyň ýagşy niýetli ädimleriniň Eýrandan jogap görmeýändiklerini beýan etdi.

Hajyzade Eýranyň metbugatynda Azerbaýjana garşy ýazylan ýalňyş we tarapgöý neşirleriň öňüniň alynmagy üçin gyssagly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny ilçi Abbas Musewä ýetirilendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Balkan welaýatynda ussat suratkeş Amangeldi Hydyrowyň şahsy döredijilik sergisi guraldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistan we Gazagystan ýerasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmekligi ylalaşdylar
Geljegi nazarlaýan ulgam
Daşary ýurt sahna eserleri Türkmenistanyň teatr sahnalarynda