Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr söwdany artdyrmagy meýilleşdirýär

Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr söwdany artdyrmagy meýilleşdirýär

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk (ICCIMA) edarasynyň başlygy Golam-Huseýin Şafeý Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag meselesini çözmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ICCIMA-nyň başlygy özleriniň şu ýyl üçin esasy maksatlarynyň Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky häzirki söwda dolanyşygyny 400 million dollardan 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, ol bu babatda käbir meseleler bar, olaryň iň möhümi ulag pudagynda, hususan-da, demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek. Bu iki ýurduň arasyndaky söwdanyň giňelmeginde örän uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, Türkmenistany goşmak bilen üçünji ýurtlaryň hyzmatdaşlygy arkaly meseläni çözmek gerek diýdi. Şeýle hem iki tarapyň ykdysady düzümlerini halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamalaryna maýa goýmaga çagyrdy.

ICCIMA-nyň başlygy bu barada şenbe güni Eýran-özbek işewür forumynda mälim etdi.

Bu çärä 50 özbek kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Masud Pezeşkiýan Eýranyň Prezidentiniň kasamyny kabul etdi
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Türkmen-eýran söwda dolnyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda artdy
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda artdyrylýar
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing