Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, A.Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi hem-de bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Ýene degişli makalalar

Eýran diplomatiýany öňe sürýär, Tramp bolsa çäkli zarba urmak barada pikirlenýär
Eýran-ABŞ gepleşikleriniň hüjüm ähtimallygyna garamazdan penşenbe güni başlamagyna garaşylýar
Eýran ABŞ-nyň islendik hüjümini "agressiýa hereketi" hökmünde kabul etjekdigini duýdurdy
Eýran Pakistan-Owganystan dartgynlygynyň ortadan aýrylmagynda töwellaçy bolmak isleýär
Hakan Fidan ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümlerinden soň kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy
Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter