Eýranda 3 Adam Dara Çekildi

Eýranda 3 Adam Dara Çekildi

“Fars” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Sistan-Belujistan welýatynyň Baş Prokutory Ali Mustafawi Niwa bu barasynda maglumat berdi.

Mustafawi Niýa; “Terror guramasy Jeýşul Adl” bilen aragatnaşykda bolmak we terror aksiýalaryny guramak arkaly ýer ýüzünde pitne tutuzmakdan ölüm jezasyna höküm edilen Muhammed Berahuýe Enjumani, Muhammed Kerim Barkizaý Aksun we İdris Bilerani dara çekildi” diýdi.

Prokuror Niýa ady agzalan araýatlaryň Zahidan şäherinde 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda polis merkezine we 2019-njy ýylyň 25-nji iýunynda gözegçilik mahalyndaky harby ulaga bombaly hüjüm gurandyklaryny beýan etdi.

Eýranyň Pakistan we Owganystan serhedinde ýerleşýän Sistan-Belujistan welaýatynda soňky ýyllarda “sebitdäki sünni buluç halkynyň hukuklaryny goraýandygyny” öňe süruýän we ýurtda terror guramasy hökmünde ykrar edğilen “Jeýşul Adl” bilen Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar bolup geçýär.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Ruhanyny Öldürendigi Sebäpli Bir Adam Dara Çekildi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Gresiýada Saparda Bolýar
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasy 20,213 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi
Peskow Russiýanyň Ukrainadan Täze Ýyla Çenli Çekilmejekdigine Ünsi Çekdi