Eýranda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 95 Adama Ýetdi

Eýranda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 95 Adama Ýetdi

Eýranyň Kirman welaýatydna 3-nji ýanwarda Ynkylap goragçylary goşunynyň Iýerusalim güýçleriniň serkerdesi Kasym Süleýmanynyň gubyrynyň golaýynda iki hüjümçi tarapyndan guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 95 adama ýetdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, hüjümde ýaralanan we hassahanada bejergi astyna alynan Nazenin Açekzahi atly 11 ýaşyndaky gyzjagazyň şu gün aradan çykmagy bilen birlikde ýogalanlaryň sany 95 adama ýetdi.

Kasym Süleýmaniniň 2020-njy ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň Bagdatda guralan hüjümde öldürilmeginiň 4-nji ýylynda 3-nji ýanwarda Kirmandaky gubyrynyň başynda hatyralama çäresiniň geçirilýän pursatlarynda iki partlama bolupdy.

Eýranly ýolbaşçylar iki hüjümçiniň bedenindäki bombalary ýarandygyny mälim edipdi.

Hüjümlerde 94 adam ýogalypdy, 284 adam hem ýaralanypdy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne alypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Stambulda polis gullukçylaryna guralan hüjüminden soň üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Boko Haram tarapyndan mekdebe guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Tramp Eýrandaky harby operasiýalaryň azaldylmagynyň ähtimaldygyny aýtdy
Ysraýyl Gazada ýene-de 4 palestinlini öldürdi
Türkiýe Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýär
Ysraýyl düýn gije Beýrudyň günortasyndaky 7 etrapçany bombalady