Eýranda howanyň hapalygy sebäpli mekdeplerdäki bilim onlaýn görnüşde geçiriler

Eýranda howanyň hapalygy sebäpli mekdeplerdäki bilim onlaýn görnüşde geçiriler

Eýranyň Tähran, Yspyhan, Alborz we Erdebil şäherlerindäki başlangyç we orta mekdeplerdäki bilimiň howanyň hapalanmagy sebäpli onlaýn ýagdaýda geçiriljekdigi habar berildi.

Tähran welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Mir Muhammed Garawi: "Tähranyň Howanyň hapalygy Adatdan daşary ýadgaýlar komitetinde howanyň hapalygynyň artmagy sebäpli şäherdäki mekdeplerde bilimiň onlaýn görnüşde geçirilmegi barada karara gelindi" diýip habar berdi.

Eýranly resmiler ýürek, damar we dem alyş keseli bilen kesellän döwlet işgärleriniň hem edaralar kabul eden halatynda onlaýn görnüşde işläp biljekdiklerini mälim etdiler.

Yspyhan, Alborz we Erdebil şäherlerinde hem şoňa meňzeş çäreleriň görülendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi
Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi müňýyllyklaryň mirasy atly ylmy maslahat we sergi geçirildi
Setirleri döwürleri bezeýän dana
Eslami: “Isfahan” gözleg reaktorynyň gurluşyk işi başlar
Eýranda Howanyň Hapalanmagy Sebäpli Döwlet Edaralarynyň Işi Bes Edildi