Eýranda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 58 müň 110 adama ýetdi

Eýranda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 58 müň 110 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 264 müň 670 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 104 million 460 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 76 million 342 müň adamdan geçdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 113 adamlyk artyş bilen 154 müň 635 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 11 müň adamlyk artyş bilen 10 million 778 müň 206 adama ýetdi.

Koronawirus epidemiýasynyň gelip çykyşyny derňemek maksady bilen epidemiýanyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherine baran Bütindünýä Saglygy goraýyş edarasynyň işgärleri Wirusologiýa institutynyň laboratoriýasyna baryp gördüler.

Koronawirus sebäpli 58 müň 110 adamyň ýogalan, 1 million 431 müň 416 adamyň wirusa ýolugan Eýranda, hňkümet Russiýa tarapyndan öndürilen Sputnik V, Eýranly alymlar tarapyndan oýlanyp tapylan "COVIRAN Bereket" we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde geçirýän programmanyň çäginde alynjak sanjymlary bilen 21-nji fewralda sanjym işlerini başlatmagy meýilleşdirýär.

Russiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 526 adamlyk artyş bilen 74 müň 684 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 16 müň 474 adamlyk artyş bilen 3 million 901 müň adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli 5 müň 794 adamyň ýogalan, 391 müň 626 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada, ýurdyň Premýer ministri Suga Ýoşihide Kowid-19-a garşy sanjym edilmek tapgyrynyň aýyň ortasynda durmuşa geçirilmäge başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Koronawirus sebäpli 1849 adamyň ýogalan we takmynan 160 müň adamyň wirusa ýolugan Palestinada, sanjym işleri başladyldy. Saglygy goraýyş ministrligi sanjym işleriniň ilkinji tapgyrynyň Kowid-19 bejergisi üçin bölünip aýrylan hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde işleýän saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden başlanandygyny mälim etdi. 2-nji tapgyrda bolsa 60 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolanlara we hroniki keselleri bolan adamlara sanjym ediler.

Epidemiýanyň başyndan bäri 14 adamyň ýogalan DKTR-da soňky 24 sagatda ýene-de 62 adamyň wirusa ýolugandygy we şeýlelik bilen wirusa ýoluganlaryň sanynyň ýurtda jemi 2 müň 433 adama ýetendigi aýan edildi.

Epidemiýanyň başyndan bäri 6 müň 383 adamyň ýogalan, 368 müň 639 adamyň wirusa ýolugan Saud Arabystanynda şu günden başlap, dünýäniň 20 ýurdynyň raýatlarynyň ülkä girmeklerini bes etdi.

Yrakda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň 68 adama, Kowid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 621 müň 755 adama ýetdi.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Omanda 1532 adama, Kuweýtde 960 adama, BAE-de 866 adama, Bahreýnde 376 adama, Katarda 249 adama ýetdi.

BAE-de koronawirus epidemiýasy sebäpli ýapyk bolan mekdepler 14-nji fewralda ýaňadandan açylmaga taýarlyk görülýär. Mekdepler 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri ýapykdy we onlaýn görnüşde geçirilýärdi.

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 92 müň 472 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 614 müň 270 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen atlary döwlet birleşigi ýokary we ýörite orta bilimli hünärmenleri işe çagyrýar
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar
Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy
Aşgabat COVID-19-yň nobatdaky tolkunyna garaşýar. Lukmanlar medisina işgärleriniň ýetmezçilik etjekdigini duýdurýar
KESELLERDEN NÄHILI GORANMALY?
Saglyk pudagyndaky gözgyny ýagdaýyň’ fonunda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýär
Russiýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar