
Eýranda Parlament saýlawy üçin ses berilşik etaby başlady.
Eýranyň halky, ýurduň çar tarapynda 50 müňden gowrak saýlaw merkezinde ýerli wagt bilen 08.00-da ses bermäge başlady.
Eýranyň lideri Ali Hamaneý, paýtagt Tährandaky Ymam Humeýni Husniýesinde ses berdi.
Saýlawda Eýranyň mejlisdäki 290 kürsi üçin 15 müňden gowrak dalaşgär, Hünärmenler mejlisindäki 88 kürsi üçin bolsa 144 dalaşgär bäsleşýär.