Eýranda plastiki operasiýa üçin ýaş çägi 14 ýaşa çenli peseldi

Eýranda plastiki operasiýa üçin ýaş çägi 14 ýaşa çenli peseldi

Eýranly Talyplar habar agentligine (ISNA) beýanat beren Rinologiýa birleşigi geňeşiniň agzasy Ibrahim Rezmpa, plastiki operasiýalar üçin ýaş çäkleriniň gyzlar üçin 14, oglanlar üçin 16 ýaşa çenli peselendigini aýtdy.

Rinologiýa birleşigi geňeşiniň agzasy Ibrahim Rezmpa: "Ylmy taýdan bu ýaş azaldy we gyzlar 14 ýaşdan soň operasiýa edilip bilner, oglanlar 16 ýaşdan soň operasiýa edilip bilner" diýip belledi.

Ozal ýaş çäginiň 18 bolandygyny aýdan Rezmpa, ýaş bilen birlikde, ösüş, fiziki we psihiki özgerme bilen ruhy we şahsy kämillikleriň hem täsirlidigini beýan etdi.

Plastiki operasiýalaryň artýandygyny aýdan Rezmpa, ýurtda geçirilen plastiki operasiýalaryň sany barada bolsa jikme-jik maglumat bermedi.

Eýranda plastiki operasiýalaryň artmagynyň arkasynda deň-duşlar tarapyndan gorkuzylmak, metbugat we medeni täsirler bar diýlip hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Prezident Erdogan Liwandaky durzileriň lideri Welid Janbolaty kabul etdi
Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sudanda saparda boldy
Prezident Erdogan Iordaniýanyň Daşary İşler Ministrini Kabul Etdi
Ibrahim Kalyn Hamasyň Syýasy býurosynyň resmileri bilen söhbetdeş boldy