Eýranda ýer titreme bolup geçdi

Eýranda ýer titreme bolup geçdi

Seýsmologlar Eýranyň merkezi böleginde 5,0 bal ululykda ýer titremesini hasaba aldylar. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkezi (EMSC) habar berýär. Muny russian.rt.com ýetirýär.

Ýer titremesiniň merkeziniň, takmynan, 477 müň adam ýaşaýan Ýezd şäheriniň 168 km demirgazyk-gündogarynda bolandygy bellenilýär.Tebigy betbagtçylygyň merkezi 20 km çuňlukda ýerleşýär.Zyýan çekenler we weýrançylyk barada maglumat ýok.

Mundan başga-da, Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynda Ýuwaş ummany akwatoriýasynda hem 4,5 bal ululykda ýer titremesi bolup geçdi.Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Bitewi geofiziki gullugynyň Sahalin bölüminde habar berildi. Ýer titremesiniň merkezi koordinatlary: demirgazyk giňligi 52.90, gündogar uzynlygy 163.71. Ýer titremesiniň merkezi 10 kilometr çuňlukda ýerleşýär. Ýer titremäniň netijesinde zyýan çekenler ýok.

Sunami howpy barada hem habar berilmedi.

Ýene degişli makalalar

12.02.2019 | Aziýanyň çagalary — 2019 oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär
Aziýanyň çagalary — 2019 oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär
13.02.2019 | Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri Aziýanyň çagalary oýunlaryna şowly girişdiler
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri Aziýanyň çagalary oýunlaryna şowly girişdiler
16.02.2019 | Aziýanyň çagalary — 2019 oýunlary tamamlandy
Aziýanyň çagalary — 2019 oýunlary tamamlandy