Eýrandan Saud Arabystanyna guralan raketa hüjüminde amerikaly 12 esger ýaralandy

Eýrandan Saud Arabystanyna guralan raketa hüjüminde amerikaly 12 esger ýaralandy

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Eýranyň Saud Arabystanynyň Sultan howa bazasyna guran raketa hüjüminde ikisi agyr bolmak bilen azyndan amerikaly 12 esger ýaralandy.

Raketa hüjümi sebäpli ABŞ-nyň ýangyç uçarlaryna hem zeper ýetirildi.

“Ze Woll Street Žornalyň” berýän habaryna görä, ýolbaşçylar hüjümde dronlaryň hem ulanylandygyny nygtady.

Ady agzalýan hüjüm, ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň Eýran bilen dowam edýän söweşiň 4-nji hepdesinde amerikaly 300-den gowrak esgeriň ýaralanandygyny mälim etmeginiň yzy ýanyndan guraldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio söweşiň 2 ýada 4 hepde dowam edip biljekdigini we Ormuz bogazyny geçen gämilerden Eýranyň geçiş töleginiň almagynyň öňüniň alynmagynyň söweşden soňky döwürde esasy mesele boljakdygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan Ysraýyl hem Eýrana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Başdan geçirlen soňky wakalardan soň nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi.

ABŞ-nyň gymmatly kagyzlar biržalary Prezident Donald Trampyň Eýranyň energetika pudagyna guralýan hüjümleriň bes ediljekdigini mälim etmeginden soň aşaklady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Tährana Ormuz bogazyny açmagy üçin berlen möhlediň uzadylandygyny mälim etdi.

Eýran bolsa möhlediň uzadylmagyndan bir gün soň anna güni üç gämä Ormuz bogazyndan geçmezlikleri barada duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ýakyn Gündogara howa gatnawlaryny çäklendirýär, eýranly türkmenleri serhetden geçirmeýär’
Kuba: ​​"ABŞ-nyň mümkin bolan harby hüjümine taýýarlyk görýäris” diýdi
Tramp wezipelere belledi
Trampyň ýeňişi we ABŞ…
Tramp Döwri
Marko Rubionyň diňlenişiginde senator Merkezi Aziýanyň ähmiýetine ünsi çekdi