Eýranyň Nur Han howa bazasyna harby uçar ugrandygy hakyndaky habarlar asylsyz

Eýranyň Nur Han howa bazasyna harby uçar ugrandygy hakyndaky habarlar asylsyz

Pakistanyň Daşary işler ministrligi, Eýrana degişli uçarlaryň ýurtdaky Nur Han howa bazasyna gelendigi barada “CBS Nýus” kanalynyň habarlary hakynda beýannama berdi.

Beýannamada, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yglan edilen wagtlaýyn ylalaşykdan soň resmi Tähranyň Nur Han howa bazasyna köp sanly uçar ornaşdyrandygy hakyndaky habarlaryň asylsyzdygy nygtaldy.

Beýannamada “Şuňa meňzeş ýalan we asylsyz habarlar sebitara durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalary bökdemegi maksat edinýär” diýildi.

Beýannamada taraplaryň arasynda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirlen gepleşikleriň birinji tapgyrynyň çäginde Eýrana we ABŞ-na degişli birnäçe uçaryň Pakistana gelendigi ýatladyldy.

“CBS Nýus” kanaly amerikaly resmä esaslanýan we 11-nji maýda beren habarynda, 8-nji aprelde 2 hepdelik wagtlaýyn ylalalşygyň yglan edilmeginden birnäçe gün soň Eýranyň Pakistandaky Nur Han howa bazasyna birnäçe harby uçar ugrandygy öňe sürlüpi.

Ylalaşyk tagallalary

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy guran bilelikdäki hüjümleri bilen başlan uruşda taraplar 8-nji aprelde atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk agzandy.

11-nji aprelde Tähran bilen Waşingtonyň arasynda Pakistanda yzygiderli ylalalşyk üçin gepleşik geçirildi.

21 sagada golaw dowam eden gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Pakistan taraplaryň arasynda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi üçin uly tagalla edýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 21-nji aprelde beren beýannamasynda ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Peşawerdäki başkonsullygyny ýapar
Pakistanda guralan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy
ABŞ-nyň hantawirus gämisindäki raýatlaryndan birinde wirusyň bardygy anyklandy
Hantawirus gämisindäki 3 türk Türkiýä getirilýär
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi
Türkiýe DKTR-na 6 sany F-16 uçaryny ugratdy we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy