Eýranyň Prezidenti Raisi Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Eýranyň Prezidenti Raisi Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Eýranyň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, uzak ömür we abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Belent mertebeli myhman Eýranyň Beýik Ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirip, EYR-nyň Türkmenistan bilen ýakynlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler dürli derejede geçirilýän duşuşyklarda we Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna ýaňy-ýakynda bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylanlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykarmak üçin häzirki döwürde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Erdogan Bilen Raisi Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy