Eýranyň Prezidenti Türkiyä geldi

Eýranyň Prezidenti Türkiyä geldi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisini paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylady.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda, saparda Türkiye-Eýran Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatynyň Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagt Ankarada geçiriljekdigi mälim edildi.

Maslahatda Türkiye-Eýran gatnaşyklarynyň ählitaraplaýyn gözden geçiriljekdigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ösdürmek üçin edilip bilinjek ädimleriň ele alynjakdygy bellenen beýanatda: "Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Gazada we basyp alynan Palestinanyň topraklarynda başdan geçirilýän Ysraýylyň hüjümleri başda bolmak bilen, gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar.

Gepleşikleriň netijesinde gatnaşyklaryň şertnama esasyny (şertnamalardan gelip çykýan) berkitmäge gönükdirilen dürli resminamalara gol çekmek hem gün tertipde bolar" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi
“Men Hamasy Terror Guramasy Hökmünde Görmeýärin”
“Terror Guramalaryna we Guramaçylykly Jenaýat Toparlaryna Garşy Egilşiksiz Göreşi Dowam Etdireris”
Prezident Erdogan Ukrainanyň Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
Erdogan-Mikotakis Duşuşygy Grek Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankara Geldi